Ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy boýunça alnyp barylýan maksada okgunly syýasat ýurdumyzyň milli aragatnaşyk ulgamlaryny innowasion tehnologiýalaryň esasynda ösdürmäge ýardam berýär. «Türkmen Älem 52° E» Milli aragatnaşyk hemrasy ýurdumyzyň ähli çägini  ýokary tizlikli Internet ulgamy bilen üpjün etmäge, şeýle hem ýokary hilli sanly teleýaýlymlary görkezmäge mümkinçilik döretdi.

Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň bolmagy Internet akymynyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini artdyrmaga ýardam berýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň pudaklaýyn düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, öňdebaryjy enjamlaryň we täzelikleriň ulanylmagy netijesinde, ýurdumyzda Internet torunyň, öýjükli tele we radiogepleşikleriň köp şahaly ulgamy üstünlikli işleýär. Şonuň bilen birlikde, elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyrylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Netijede, ýurdumyzyň prosessing merkezinde hasaba alnan bank kartlarynyň, ornaşdyrylan terminallaryň, bankomatlaryň sany hem-de «Internet-bank» we «Mobile-bank» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar.

Karz edaralary tarapyndan «Goýum bank kartynyň», «Maşgala» bank kartynyň görnüşleri bellenen tertipde ylalaşylyp, kart hyzmatlarynyň täze görnüşleri raýatlarymyza hödürlenildi. Şeýle hem, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň raýatlara hödürleýän Internet hyzmatlary üçin hasaplaşyklary ýurdumyzyň islendik ýerinden bankomatlaryň, «Internet-bank» we «Mobile-bank» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşde, göni tertipde (online) amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasiýalar işjeň ornaşdyrylýar, sanly teleýaýlymlar alnyp görkezilýär, süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlary ösdürilýär we Internetiň giň elýeterliligi üpjün edilýär. Programma-tehniki, maglumat serişdeleri we ulgamlary dürli döwlet edaralarynda – ylym-bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, bank ulgamlarynda, senagatyň aýry-aýry pudaklarynda işjeň peýdalanylýar.

                                                           Aşgabat şäherindäki agrosenagat

                                                       orta hünär okuw mekdebiniň talyby

                                                                               Hangeldiýewa Haltäç