Sanly ykdysadyýet şertlerinde strategik meýilnamalaşdyryş, döwlet satuwlary, salgyt, ätiýaçlandyryş we bank işini sazlamak, býujet işini we býujetara gatnaşyklary kadalaşdyrmak we beýleki ugurlar ýaly wezipeler ýeke-täk ykdysady maglumat giňişligini döretmek bilen baglydyr.
Bu ykdysady bölegiň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň köp gatnaşyjylar bilen ylalaşylan ykdysady syýasatyny amala aşyrmaga (şol sanda maglumat modellerini we maglumatlar ugrunda standartlary işläp düzmek we geçirmek bilen bagly bolan wezipeleri amala aşyrmaga) mümkinçilik berýän maglumat dolanyşygynyň esasy parametrlerini kesgitleýärler. Ykdysady ulgamda dolandyryş statistiki hasabatyň esasynda amala aşyrylýar.
Maglumatlary alyş-çalyş etmegiň özboluşly düwüni bolup milli statistiki agentlik çykyş edýär. Maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi bilen statistika döwletiň maglumat infrastrukturasynyň elementi bolup durýar. Şonuň üçin amaly ähmiýetli resmi statistiki maglumatlar statistiki edaralar tarapyndan taýýarlanylyp, maglumat usullary we statistiki maglumatlary ýygnamak, işlemek, saklamak we görkezmek işleri bilen berkidilen esasda ýaýradylmalydyr.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby
Esenowa Dünýä