Ideal gaz – gazyň hyýaly modeli, ideal gazlarda atom we molekula bölejikleriniň arasyndaky özara täsir ep-esli azdyr. Ideal gazlara seýreklenen, temperaturalary kondensirlenme temperaturasyndan has daşda ýerleşýän real gazlar ýakyndyr. Ideal gazlaryň basyşyny temperatura we dykyzlyga baglanşygy Klapeýronyn deňlemesi bilen aňladylyar.
Hakyky-real gazlar – ideal gazlar üçin getirilip çykarylan gaz halynyň üýtgeme kanunlaryndan gyşarmasy bilen häsiýetlenýärler. Bu gyşarmalar hakyky gazyň molekular agramy näçe uly bolsa şonça hem uly. Gyşarmanyň ululygy ýokary gysyjylyk koeffisiýenti Z bilen aňladylýar. Bu koeffisiýent gaz halynyň deňlemesine girizilendir.

Baýgeldi HALBAÝEW,
Ýagsygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň E we E “B” hünäriniň 2-nji ýyl talyby.