Ylmyň ösmegi, onuň iň täze gazananlarynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şert döredýär. Häzirki wagtda sanly ulgam ýaşaýşymyza şeýle bir ornaşdy welin, durmuşymyzy ol bolmazdan göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Internet arkaly dürli harytlary oturan ýerimizde sargap getirtmek ýa-da dürli söwda işlerini alyp barmak, gündelik neşirler bilen tanyş bolmak, kitaphanadan islän kitabymyzy alyp okamak, ulag menzillerine gitmezden petek almak… bularyň ählisi wagtymyzy tygşytlamak bilen birlikde maddy ýagdaýymyza-da oňaýly täsirini ýetirýär. Her bir adamyň durmuşynda sanardan köp ýeňillikleri döredýän sanly ulgamyň ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy döwletimiziň ösüşini ýokarlandyrmakda, şonuň bilen baglylykda hem halkyň durmuşynda ençeme ýeňillikleriň döremeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Ähmiýetli işleriň hatarynda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» görkezmek bolar. Üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulan bu resminama ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda we şonuň netijesinde ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerini gazanmakda ähmiýetli orny eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagynyň ösüşine uly üns berilýär. Ýagny bu pudaga ylmyň iň täze gazananlarynyň, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy öndürýän önümlerimiziň hil taýdan ýokary bolmagyna we diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarynda hem bäsdeşlige ukyply önümleriň artmagyna getirýär. Şeýle-de bu işler el güýjüniň az sarp edilmegine, önümçiligi çaltlandyrmakda has ýokary netijeleriň gazanylmagyna itergi berýär.
Öndürilýän önümleriň netijeliligini artdyrýan dünýäniň ösen döwletleriniň döwrebap hem-de ekologiýamyza zyýanly täsiri bolmadyk enjamlarynyň yzygiderli getirilmegi we täze tehnologiýalaryň ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagy iş üpjünçiligini ýokarlandyrmakda hem möhüm bolup durýar. Sanly ykdysadyýetden oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň bir bölegi bolup, şoňa görä-de, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň iň täze gazananlary arkaly okuw sapaklary geçirilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen sanly ykdysadyýetimiziň berk binýadynyň tutulýandygyndan we geljeginiň has hem aýdyňdygyndan nyşan. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna we ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy hususy eýeçiligiň hem ösmegine we işiniň ýeňilleşmegine täsir edýär.
Adaty ykdysadyýetden tapawutlylykda sanly ykdysadyýet bar bolan ähli maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçilik döredip, halkyň durmuş-ykdysady taýdan ýagdaýyny gowulandyrmakda, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmekde, işini ýeňilleşdirmekde, şonuň ýaly-da ýurduň ykdysady kuwwatyny berkidip, ösüşini kepillendirmekde uly ähmiýete eýedir. Diňe bir ykdysadyýetde däl, eýsem, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda sanly ulgamyň ornaşmagy ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gidýändiginden, ylmyň iň täze gazananlarynyň dürli pudaklarda orun almagy bolsa, «Döwlet adam üçindir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmakda taýsyz tagallalar edýändiginden nyşan.

KERIMOWA Aýlar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 203-nji toparynyň talyby