Ylym biziň düşünjämizde ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze ideýalar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris. Taryhçylar we jemgyýeti öwreniji alymlar adamzadyň bahasyz baýlygynyň ylymdadygyny beýan edýärler. Ýurdyň gülläp ösmegi, ilkinji nobatda, bilim hem ylmyň ösüşine bagly. Hut şonuň üçin-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarymyzyň kämil bilim goruna eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy, ýagny aň mümkinçiliklerini doly açmagy, kämillleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Jemgyýetimiziň ähli wekillerini, ilkinji nobatda, ýaşlary häzirki zaman ylymlaryny öwrenmäge, ýokary tehnologiýalary özleşdirmäge çagyrýar.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda bilim we ylym ulgamyny dünýäniň iň ösen talaplaryny laýyk getirmek, halkymyzyň bagtly durmuşy ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusynsa eýe bolan kämil ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek wezipesi ýurdymyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sebäbi döwür öňe barýar, ylma daýanýan täze-täze tehnologiýalar durmuşymyza işjeň aralaşýar. Şoňa görä, bilim berlişinde hem, terbiýeçilik işlerinde hem düýpli özgertmeleri geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şol zerurlygy öz wagtynda duýup, hereket edýän degişli kanunçylyk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmek bolsa, eýýäm dünýä bilen aýakdaş gitmäge, ýaşlarda has täze bilim – ylym mümkinçiliklerini açmaga ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky üstünlikler her ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, kalbymyzy çoýýar. Hut soňky ýyllarda ýurdumyzda çuňňur bilimli ýaş neslimiz ýetişdi. Olaryň dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara ders, taslama, zehin, sport bäsleşiklerinde iň öňdäki orunlary eýeläp, altyn, kümüş, bürünç medallara, tapawutlanan diplomlara mynasyp bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň “Bilim syýasatymyzyň iň möhüm bölegi dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan ybaratdyr” diýmek bilen, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleriniň wajypdygyny belläp, dil öwrenmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Berkarar döwletimizde çagalar bagyndan başlap ene dilimizi we dünýä dillerini öwretmek ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Ondan daşary hem ýokary okuw mekdeplerimizde dünýä dilleriniň ençemesi öwrenilýär. Ýörite daşary ýurt dillerini okatmaga niýetlenen mekdeplerimiz hem hereket edýär. Görşümiz ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşary ýurt dillerini has çuň we kämil öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Ine, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky gazanýan üstünlikleriniň birje ülşi barada gürrüň açdyk. Bularyň bary bolsa, ýeneki üstünliklere gönezlik we badalgadyr.
Selim SEÝITGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ Oba hojalygynyñ ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniñ Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrynyň 3-nji ýyl talyby.