Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 77 million dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, BAE-niň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Irlandiýanyň we Serbiýanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, buýan köküniň gury ergini we portlandsement ýerlenildi.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri