J.D. Power agentligi iň ygtybarly awtomobilleriň her ýylky sanawyny neşir etdi. Ol 2020-nji model ýylynyň awtoulaglarynyň 3 ýyl sürenlerinden soň 30 müň 062 sany awtoulag eýelerinden pikir soraşma netijesinde düzüldi.

Ygtybarlylyk babatda reýtingde birinji orny Lexus eýeledi. Liderleriň hatarynda şeýle hem Genesis, Cadillac we BMW bar.

Köpçülikleýin segmentde eýýäm üçünji ýyl Kia öňdeligi saklaýar. Ondan soň Buick, Chevrolet, Mitsubishi we Toyota gelýär.

Toyota korporasiýasynyň iň ygtybarly awtoulaglary — Lexus NX, Lexus RX, Toyota C-HR, Toyota Highlander, Toyota Sienna we Toyota Tacoma. BMW General Motors – iň ygtybarly awtooulaglary – BMW 4 серии, BMW X2, BMW X5 we MINI Cooper, şeýle hem Chevrolet Blazer, Chevrolet Silverado HD, Chevrolet Tahoe we GMC Sierra. Hyundai Motor Group-yň ygtybarly awtoulaglary  — Kia Forte, Kia Optima we Kia Sportage.