10-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, ýaş raýatlara ýaşaýyş jaýlary we bilimleri ele almagyň elýeterli bolmagynyň, olary iş bilen üpjün edip, telekeçiligi ösdürmegiň, ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň zerurdygy aýdyldy. Şeýle-de ýaşlaryň işine maýa goýumlary gönükdirmegiň zerur bolup durýandygy bellenildi.
Bu bolsa ýaş adamlaryň sebitleri we tutuş ýurdumyzy dolandyrmaga hem-de ösdürmäge işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz Prezidentiň ätiýaçdaky ýolbaşçy düzümini döretmek boýunça işleri geçirmegiň hem zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary jemgyýetçilik we syýasy durmuşa işjeň gatnaşýarlar, jemgyýetiň bir bölegi hökmünde döwletiň durmuşynda möhüm orny eýeleýärler. Häzirki ýaşlar özgertmeleriň esasy strategik güýji bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler diýip, döwlet Baştutany belledi.

RU



