2022-nji ýylda meýdany 1,5 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Netijede, maşgalalaryň, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Ylym-bilim pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, köp sanly çagalar baglary, täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport desgalary gurulýar.
Biz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen, üýtgedip gurmagy gyşarnyksyz dowam etdirýäris. Şunuň bilen baglylykda, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga ugur alyndy. Hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmegiň ýolunda bar bolan bökdençlikler, çäklendirmeler aradan aýrylýar, netijede, ykdysadyýetde döwletiň gatnaşygy azalýar diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen birlikde, şu ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilendigi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň ýene-de ýokarlandyrylandygy nygtaldy.