10-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi.

Hasabat döwründe 4 müň sany täze iş orny döredildi. Hümmetsizlenmegi hem bellenen ölçegleriň çäklerinde saklamak başartdy. Ýurdumyzyň mümkinçiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 76 sany önümçilik we durmuş-medeni maksatly desga ulanmaga berildi. Başarjaň daýhanlar geçen ýyl bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk diýip, Serdar Berdimuhamedow jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hususan-da, bu görkeziji senagatda 6,3 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,7 göterim boldy. Maýa goýumlary 14,2 göterim ösdi, önümleriň eksporty, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 43,6 göterim artdy.