Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagatyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Geçen anna güni, Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýewiň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär.
Serdar Berdimuhamedow döwrüň talaplaryna laýyklykda ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň netijeli işlemegini üpjün etmegiň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerini çözmäge täzeçe çemeleşmek, ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bäsdeşlige ukyply, ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa önümleriň görnüşlerini giňeltmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Diýar Annaçaryýew 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby