«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň pudaklaýyn kärhanalaryny tehnologik taýdan täzelemek, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümet mejlisinde habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň ýurdumyzda köpugurly, bäsdeşlige ukyply ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini hem-de milli aragatnaşyk ulgamyna halkara tejribeden ugur almak bilen, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.