2023-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny demokratik ýörelgeler esasynda, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan dalaşgärleri hödürlemek açyklyk we aýanlyk esasynda geçirilýär.

Dalaşgärleri bellige almak işleri 28-nji fewrala çenli dowam eder. Möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlaw toparlary, dalaşgärler, synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalar taýýarlanyldy.

Ýakynda geçirilen Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa döwletimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly işler dowam etdirilýär.