2019-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Gujurly ýaşlar” atly sergisi açylýar. 2016-njy ýyldan bäri her ýylyň dekabr aýynda geçirilýän “Gujurly ýaşlar” atly sergisi şol ýylyň joşgunly seslenmesi bolýar. Şu ýylky sergä bolsa diňe bir Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, haly, keramika, zergärçilik, şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünärleri boýunça bilim alýan iň zehinli talyplary däl-de, eýsem, akademiýanyň ýaş uçurymlary öz işleri bilen gatnaşýarlar. Sergide nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, keramika, haly, zergärçilik, sungaty öwreniş hünärleri boýunça 300-e golaý döredijilik işler hödürlenilýär.
Mekan Annamyradow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby
In 14th of December in 2019 at the Exhibitions hall of State Academy of Arts of Turkmenistan will be opened exhibition «Gujurly yashlar». Starting from 2016 «Gujurly yashlar» exhibition, which is held in December each year, becomes an impassioned call for that year. In this year participants of the exhibition are not only the skilled students of State Academy of Arts of Turkmenistan whose professions are painting, sculpture, graphic arts, architecture, design, carpet, ceramics, jewellery, history and theory of art and still involved young graduates of the Academy with their works. In the exhibition are presented around 300 creative works.
Mekan Annamyradov, student of State Academy of Arts of Turkmenistan