Sanly ugur boýunça, sanly ulgam boýunça Türkmen diýarymyzda alnyp barýan işler sanardan kändir. Ýaşlaryň bilim, ukybyny açyp görkezmekde-de, bilimiň islendik ugry boýunça kämilleşmeklerini gazanmaklarynda hem sanly ulgamyň, sanly ugryň täsiri tükeniksizdir. Sanly ykdysadyýet internet mobil ulgamynyň şertlerinde jemgyýetiň ähli özgerişlikleriniň başlangyjy bolmak bilen öz üstüne täze jemgyýeti gurmagyň mümkinçiliklerini alýar. Sanlaşdyrmagyň umumy mazmuny barada aýdylanynda, sanlaşdyrmak islendik babatynda hem şol bir işde ýüze çykan ösüşleriň akabasyndadyr. Çünki sanly ykdysadyýetiň wezipesi jemgyýetiň üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda dünýägaraýyşyň mümkinçiliklerini giňeltmek , ýagny durmuş keşplerini has täze, ösen ykdysady görnüşe geçirmek bilen şertlendirilýär. Adamlaryň sowat aýratynlygyny hasaba almak bilen ulanyjy hökmünde bu günki gün sanly ykdysadyýetiň islendik ugry boýunça dolandyryjylygy amala aşyryp biler we ykdysady reformanyň döwlet üçin zerurlygynyň bolşy ýaly,ol her bir maşgala üçin hem zerur şertleriň biridir.

Sanlaşdyrma bolmazdan häzriki zaman dünýäsini hat-da göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Çünki ýaşlary döwrebap işlemeklige we bilim almaklyga çykmak üçin hem ilkinji nobatda bilim dünýäsiniň sanlaşmagy has wajypdyr. Şol sebäpli hem diňe bilim ýa beýleki ugurlar däl, ykdysady ugur boýunça hem sanlaşdyrylmagyň täzelikleri ýaşlary döwrebaplaşdyrmakda oňyn netije görkezýär. Elbetde sanlaşdyrmagyň dünýä ykdysadyýetiniň baş görkezijisi hem- de dolandyryjysy hökmünde öňe çykýandygy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde onuň mazmun açary gün geldikçe biziň durmuşymyzy özgerdýär. Ýurdumyzda talyp ýaşlary sanlaşdyrmagyň dürli ugurlary boýunça sowatly edip taýýarlamak üçin bilim hünärmenleriniň edýän işleri uludyr. Çünki hünäri hem bilmi sanlaşdyrmak amala aşyrylanda, ösüşleriň sakasyndaky zehinli çagalaryň açyljakdygy düşnükli zatdyr. Şol sebäpli hem sanly dünýägaraýşy bolan adamlaryň döwrebap ýaşlar bolup ýetişmeginde ýurdumyzda uly aladalar edilýär diýsek hakykatdan daş düşmeris. 2023-nji ýyl has-da döwrebap sanlaşmagyň ýyly bolmaga başlady. Dürli onlaýyn konferensiýalaryň hem-de onlaýyn seminarlaryň, onlaýyn medeni görnüşleriň üsti bilen hem ýaşlar dünýä çykmaga hukuk gazandylar. Munuň özi ýaşlaryň başarnyklarynyň ýokarydygyndan habar berýär. Haçanda adam sowatly bolan ýagdaýynda sanly ulagamyň dolandyryjylyk ukybyny özünde terbiýeleýän bolsa, diýmek şeýle usullary nazarda almak bilen maşgalada hem , ýagny döwletiň düzümini düzýän kiçijik döwletlerde hem sanly ulgamyň zerurlygy her ädimde gerekdigine düşünmek has dogrydyr. Bu uzak aralykdaky bitirilmeli işleriň çägini azaltmakda, ykdysady üpjünçiligiň mümkinçiliklerini açmakda, jemgyýeti hem ösen hem şol ugra gönükdirmekde esasy zerurlyga çagyrýan täze bir zerurlykdyr. Peýdaly taraplaryna ser salanyňda ykdysady ölçegleriň mümkinçiliklerine her bir adamyň häzirki döwürde dogry düşünmegini gazanmagy biziň zamanamyzyň esasy meselesine öwrüldi.Sowatly ýaşlary, döwrebap sanly dünýäniň üsti bilen durmuşda ornuňy gazanmak isleýä n ýaşlaryň bu günki gün durmuş ýörelgesidir.Ýaşlary bolsa, sanly bilim dünýäsiniň ugry bilen kämilleşdirmek esasy wezipelerimiziň biridir.

Öwezow Guwanç,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiya fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünariniň 

302-nji toparçasynyň talyby.