Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we hoşniýetlilik gatnaşyklarynda hem dünýä ýüzüne görelde görkezýär.

Çünki gadymdan gelýän Oguz han atamyzyň däp-dessurlaryna eýerip, goňşuçylyk gatnaşyklarynda bir- biregi goldamak we bir –birege sarpa goýmak endikleri türkmne halkynyň ganynda bar. Munuň özi körpe nesillerimize hem ýaşlara hem uly nesliň görelde görkezmesi hem-de gelejekde gatnaşykalaryň belent nusgasyny görkezmekde uly görelde mekdebi bolmaga mümkinçilikler döredýär.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldeli mekdebinden ruhlanyp, ýol ýörelge baýdak edinen Arkadagly Serdarymyz hem-de ýurdumyzyň ýaşlary hem bu günlerki günde ýurdumyzyň gelejegini ýokary götermek üçin Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jem bolup, zähmet çekýärler.

Ýaňy –ýakynda hem ynsanperwerlik nusgalarynyň biri bolan nebit –gaz ulgamy boýunça edilen nusgalyk iş munuň şeýledigini subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolgörkezijiligi bilen Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda suwuklandyrylan muzdsyz gazyň Özbegistana iýberilmesi hem-de eklenji pes maşgalalara muzdsyz berilmesi goňşuçylyk gatnaşyklarynda edilýän işleriň ýokary derejesini görkezdi.

Bu nusgalyk iş nebit –gaz ulgamynda alnyp abrylýan işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde gahryman Arkadagymyzyň görelde mekdebiniň bardygyny subut etdi. Çünki goňşuçylyk gatnaşyklarda bu ajaýyp yzygiderli göreldeleri görkezmek bilen gaz bilen üpjün edilen maşgalalaryň şatlygynyň çäksizligi uly buýsançdyr. Şeýle ajaýyp görelde biziň ýurdumyzda ata- baba gelýän däp-dessurlaryň biridir.

Mekan Kakalyýew

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy