2023-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýar. Önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat maýa goýumy gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göteriminden ybaratdyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek bellenilýär. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr.
Şeýle hem 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1 million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berler. Mysal üçin, Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär.
YMAMGULYÝEW ŞABASAN;
Türkmenistanyň Inžener- tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň mugallymy

RU



