2023-nji ýylda ýurdumyz boýunça birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 23 sany ýaşaýyş jaýyny, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da, sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyry, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalar, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athana ulanmaga tabşyrylar.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, 15 sany orta mekdebi we 3 sany çagalar bagyny işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişdeler goýberiler.
Şu ýyl biz birnäçe ileri tutulýan ugurlara köp mukdarda maýa goýumlary goýup başlamalydyrys. Esasy pudaklarda tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmäge milliardlarça manat gönükdirmelidiris. Ykdysadyýetimizi dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek, täze ýaş hünärmenleri taýýarlamak işi hem dowam etdiriler.

NURÝAGDYÝEW BATYR;

Türkmenistanyň Inžener- tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň mugallymy