22-nji fewralda Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, bu sapar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Bu strategiýa dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Manamada geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleri tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanyldy.

«Al Gudaýbiýýa» köşgüniň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentine bu abraýly sylagy Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa gowşurdy. Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

Bahreýn Patyşalygynyň ilkinji Emiri Şeýh Isa bin Salman Al Halifanyň adyny göterýän bu orden Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy hasaplanýar. Ol ýurduň häzirki Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa tarapyndan 1999-njy ýylyň oktýabrynda döredilip, döwlet hem hökümet Baştutanlaryna, Mirasdüşer Şazadalara, wise-premýerlere, ministrlere, harby gullukçylara we beýlekilere bitiren aýratyn hyzmatlary üçin berilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan bilen Bahreýniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge goşant uly şahsy goşandy, alyp barýan parahatçylykly, döredijilikli syýasaty üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Bahreýniň Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanypdy.

Yhlas Ataýew

Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň

Binagärlikgurluşyk fakultetiniň kafedra müdiri