Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” mazmunly ÝUNESKO kafedrasy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” mazmunly ÝUNESKO kafedrasy döredildi. Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bellenilişi ýaly bu resminamalar bu ýokary okuw mekdepleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda kabul edildi.