«Eger-de özüňizi argyn, aladaly ýa-da aljyraňňy duýýan bolsaňyz, beýniňizi rahatlandyrmagyň ýönekeý we netijeli usuly bar — gygyrmak». Köp ýyllara çeken ylmy barlaglaryň netijesinde, alymlaryň bir topary ruhy-psihologik ýagdaýlary sazlamak üçin gygyrmagyň, gykylyk etmegiň oňyn täsiriniň bardygy hakdaky netijä geldiler. ABŞ-nyň Emori uniwersitetiniň psihologiýa boýunça hünärmeni, zoologiýa ylymlarynyň doktory Harold Gozoll (Harold Gouzoules) ynsanlaryň hem-de haýwanlaryň gykylyk etmeginiň sebäplerini öwrendi. Alymyň pikirine görä, gykylyk duýgynyň alty görnüşi sebäpli ýüze çykyp bilýär. Olar: gorky, agyry, duýdansyzlyk-geň galmaklyk, bagtyýarlyk, gahar-gazap, lapykeçlik ýa-da gynanç. Şu duýgulardan goranmak ýa-da olaryň täsirini ýeňletmek üçin ynsan ýa-da haýwan sesine bat bermäge mejbur bolýar.

«Gygyrmak arkaly bejergi» düşünjesi geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda amerikaly tanymal psiholog we psihoterapewt Artur Ýanow tarapyndan girizildi. Ol «Gykylyk bejergisi» ady bilenem meşhurdyr. Alymyň pikirine görä, esasanam, çagalygynda ruhy-psihologiki şikes alanlar wagtal-wagtal seslerine bat bermek arkaly öz dertlerini biraz egsip bilýärler.

Artur Ýanowyň bu pikiri köp lukmanlar tarapyndan ret edilip, ýazgarylyp gelinýär. Muňa garamazdan bu pikiriň tarapdarlary hem az däl. Olaram öz gezeginde üznüksiz dartgynlylyklardan hem-de sarsylan duýgularyň ýükünden dynmak üçin gygyrmagyň iň gowy çäredigini tekrarlaýarlar.

Meditasiýa hünärmeni, «Flow» web-sahypasyny esaslandyran Tristan Gribbin TEDx gepleşiginde tomaşaçylardan polotensalara gygyrmagyny haýyş edip, özi hem şeýdip görkezipdir. «Gygyranyňyzdan soň özüňize üns beriň. Özüňizi has ýeňil duýarsyňyz. Gündelik päsgelçiliklere we kynçylyklara garşy durmaga hem taýyn bolarsyňyz» diýip aýdypdyr. Gribbin wagtal-wagtal sesiňe bat bermegiň, gygyrmagyň, gykylyklamagyň ruhy-akyl hassalyklaryna peýdalydygyny, «üstesine, başgalar bilen aragatnaşyk gurmagyň has aňsat düşýändigini, özüni ynamly duýýandygyny» hem belleýär.

Hünärmenler bu ýagdaýy synamakçy bolýanlara gygyrmagyň düzgün-talaplaryny ýatladyp, şeýle maslahatlary berýärler:

  • Özbaşyňa bir ýere çekil. Töweregiňde adam-gara bolmasyn.
  • Bir polotensa, ýassyk ýa-da ýorgan, ýa-da bolmasa sesiňi saklap biljek başga bir zat al.
  • Çuňňur dem al. Demiňi goýber we gygyr.

Hünärmenler gygyrmagyň gowy zatdygyny ýaňzydyp, gygyryşmagyň ýa-da adamlara gygyrmagyň welin gowy däldigini, gaýta beýdeniňde iki tarapyňam akyl-aňyna agram düşýändigini hem ýatladýarlar. Esasy netije sesiňe bat bermeklige bagly bolsa, onda iň gowusy, bilýän aýdymlarymyza batly ses bilen hiňlenmek ýa-da sesimiziň ýetdiginden zowladyp aýdym aýtmak has netijeli bolup biler.