Türkmenistanyň gurluşyk ministrligi Aşgabatda Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasyny gurmak biýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada ýerli habar beriş serişdeleri habar berdi.
Binany gurmak boýunça sargyt Türkmenistanyň Bilim ministrligine degişli.
Teklipler we arzalar 2023-nji ýylyň 7-nji apreline çenli Türkmenisitanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginde kabul edilýär. Ol Arçabil şaýolunyň ugrunda 84-nji jaýda ýerleşýär.
Belläp geçsek, häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde 9 ugur boýunça 3 müňden gowrak talyp bilim alýar.