Uly göwrümli maglumatlar tehnologiýasy: Uly göwrümli maglumatlar (Big Data) – birnäçe usullaryň we gurallaryň jemi bolup, strukturirlenen we strukturirlenmedik maglumatlaryň üstünde işlemek üçin niýetlenilip, adam tarapyndan kabul edilip we düşünilip bilinjek görnüşe getirmeklige aýdylýar.
Strukturirlenen maglumatlar ýörite aýratynlyklara görä maglumat toplumlarynda strukturasy düzülip ýerleşdirilen maglumatlar.
Strukturirlenmedik maglumatlar adatça hiç bir aýratynlyga görä strukturasy düzülmedik tekst maglumatlary, multimedia maglumatlary.
Uly göwrümli maglumatlaryň taryhy
Uly göwrümli maglumatlaryň täze düşünjedigine garamazdan, uly göwrümli maglumatlaryň ilkinjileri 1960-1970-nji ýyllarda ýagny, ilkinji maglumatlar merkezleri we baglanyşykly maglumatlaryň ösüşi bilen bilelikde döreýär.
2005-nji ýylda adamlar sosial torlaryň, online hyzmatlaryň nähili köp mukdarda maglumat emele getirýändigine göz ýetirip başladylar. Hadoop (uly maglumatlary barlamak, esasanam saklamak üçin döredilen aýratyn ulgamdyr) hem şol ýylda döredildi. Ýene-de NoSQL hem şol wagtlarda meşhurlyk gazanyp başlady.
Hadoop ýaly elýeterli ulgamlaryň ösmegi uly maglumatyň ösüşi üçin möhümdir. Sebäbi olar uly maglumatlar bilen işlemegi we uly maglumatlary saklamagy aňsatlaşdyrýar. Şondan soňky ýyllarda uly maglumatlaryň göwrümi çaltlyk bilen artdy. Ulanyjylar henizem örän uly mukdardaky maglumatlary öndürýärler. Internet of things (IoT)- zatlaryň internetiniň ulanylyp başlanmagy bilen maglumatlaryň göwrümi hasam artdy.
Uly göwrümli maglumatlar tehnologiýasy
Uly göwrümli maglumatlar (Big Data)– uly möçberde maglumatlaryň esasynda netijä gelmekligiň guraly hökmünde kabul edilýär, şeýle hem şu wagt Akylly-Maglumatlar (Smart-Data) tehnologiýasyna has uly üns berilýär.
Uly göwrümli maglumat tehnologiýasy diýip ägirt uly ýa-da maglumatlary işleýän adaty programmalar üçin işlenmegi kyn bolan maglumat köplüklerine düşünilýär. Adaty maglumatlaryň üstünde has ýokary statistiki amallary ýerine ýetirip bolýan wagty, has çylşyrymly maglumatlarda ýalňyşlyklara sezewar bolmak mümkinçiligi uly.Uly göwrümli maglumatlaryň ýüze çykaryp biljek kynçylyklaryna maglumaty dolandyrmak, ýatda saklamak, seljermek, gözlemek, paýlaşmak, talap etmek, täzelemek, howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat çeşmesi degişlidir.Häzirki wagtda “big data” termini, çaklamalary, ulanyjy häsiýetli seljermeleri ya-da käbir beýleki has kämil, maglumatlardan ýa-da käbir ýagdaýlarda maglumatlaryň belli bir köplüginden netije alyp bilýän seljerme usullaryny aňlatmakda ulanylýar.Uly göwrümli maglumatlar düşünjesiniň esasy alamatlary:
Tizlik (Velocity)
Göwrüm (Volume)
Baha (Value)
Hakykylyk (Veracity)
Köpdürlilik (Variety)
Uly göwrümli maglumatlaryň ulanylýan ýerleri:
Saglygy goraýyşda – çaga dünýä inenden onuň saglygy baradaky maglumatlar jemlenilip, geljek-de oňa optimal bejergileri bermek üçin ulanylýar Transportda – Awtoulaglardaky GPS enjamlarynda her bir wagt aralygynda maglumat jemlenilip, bu maglumatlar şäherde awtoulag akymlarynyň häsiýetlerini öwrenmäge hem-de awtoulag dykynlarynyň öňüni alyp optimal çözüw tapmakda ulanylýar.
Söwda we hyzmatlar – müşderiniň her biriniň haýsy önüm bilen gyzyklanandygy we nähili önümleri satyn alandyklary barada maglumatlar jemlenilip, täze önümiň öndürmeli mukdaryny öňünden çaklamakda we müşderilere hususy teklipleri bermekde ulanylyp biliner (Internet söwdada has giňden ulanylýar) Telekommunikasiýada – abonentleriň amala aşyran jaňlary, tarifi, geomaglumatlary, hasaby we ş.m. barada maglumatlary saklamakda uly göwrümli maglumatlar ulanylýar. Uly göwrümli maglumatlar müşderilere amatly tarifleri döretmekde, telekommunikasion enjamlary we programma üpjünçiligini optimal sazlamakda we ýüze çykjak howplary öňünden çaklamakda ulanylyp biliner.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby Babaýewa Baýramgül