Dört unsurdan binýat bolan gadymy dünýä, Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn, dördüsi jem bolanda, bir toprak himiýasy, bir zerre elementi kemala gelýändir. Dört unsur- dört parça, howa, toprak, ýel, suw. Elbetde bu ajaýyp nyşanlaryň aňladyş mazmuny olaryň bir-birek bilan aýrylmaz baglanşygyndadyr.

Topragy suwsuz, suwuň howasyz, howanyň otsuz hem-de ýene şeýle zynjyrsyz bir –biregi bilen baglanyp, aýlanmagyny bozmak mümkin däl.

Topragyň astynda döreýän närseleriň biri hem toprakdan kemala gelen ,şol garyndylary topragyň astynda salan , şol ýerde binýat bolan gudratly hazynalar nebit we gazdyr. Olaryň hem şu dört unsurdan bina bolmasy, ýagny zerrejiklerinde ýaradylyşyň ähli elenmentlerini özünde saklamasy hem-de nä derejede adam üçin peýdaly bolmasy, bu günki gün ünslerini bir ýere jemläp, ýer astynda juda sünnäli nebit alýan buragçylara hem degişlidir.

Häzirki döwürde türkmen nebitçileri Barsagelmezde ýerleşýän Nebitli guýynyň çuňlugynyň 1900 metr çuňlukda ýerleşip, haçanda ol burawlanan halatynda hiç hili kynçylyk döretmeýändigini aýdýarlar. Uglewodorodlaryň düzümini kesgitlemekde hem şeýle päsgelçiliksiz “jogaba” gabat gelişleri ilkinji nobatda nebitçileriň ünselrini juda bir ýere jemlemekleri, tebigaty syzmaklary, topragyň, howanyň hem-de ot, suwuň gatnaşygyndaky sazlaşyga dogry düşünmegiň netijesidigini belleýärler.

Haçanda buraw edileninde nebitçiler üns merkezinde saklamaly kadalary hem-de oalra hyzmat etmekde öz üns unsurlaryň hem bir ýere jemlenmeginiň zerurdygyny aýdýarlar. Munuň özi nebitiň ýerlikli hem zaýasyz alynmagynda mümkinçiligi artdyrjakdygyny belleýärler.Şu ýyl eýýäm birnäçe nokatlaryň, “üns merkezleriň” açylmagy hem ezber hem ussat nebitçileriň işlerine jür we ünsli bolmaklarynyň netijesinde miwesini beren zähmet üstünlikleriniň ýokary hilini belläp geçýärler.

Häzirki zaman ülňülerine gabat gelýän logistiki halkanyň üsti bilen oňyn netije almakda, işlerini birkemsiz berjaý etmekde biziň ezber nebitçilerimiz hemişe gerekli netijeleri alýarlar. Bu “Türkmennebit” döwlet konsernininiň “Nebitdagburawişmüdirliginiň” nebitçileri babatynda hem şeýledir. Ezberligi elden bermeýän nebitçilerimize “Aperin”diýmek ýaraşar.

Allamyrdowa Gülöwser
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby