Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýan döwletimiz ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işler barha giň gerime eýe bolýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, bagtyýar ýaşlaryň ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen milli bilim ulgamyny ösdürmek hem-de dünýä derejesine çykarmak maksady bilen badalga berlen beýik işleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi örän guwandyryjydyr. Ylymly-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmegimiz baradaky aladalar bolsa bizi — ýaşlary has-da yhlasly okamaga, öwrenmäge borçly edýär.

Berkarar Diýarymyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy ähmiýetli şanly waka öwrüldi. Şeýle-de bu Kanun ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, bagtyýar ýaşlarymyz üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikleri has-da giňeltmäge ýardam berdi. Şeýle tutumly işlerde häzirki zaman ylmynyň gazananlaryndan, ösen innowasion usullaryndan, täze döwrebap tehnologiýalardan üstünlikli baş alyp çykýan zehinli, watançy ýaşlarymyzyň hemme ulgamlarda ägirt uly güýç bolup durýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Buýsançly ýeri-de, ýaşlar barada kabul edilen Kanun döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny anyk kesgitledi. Şonuň ýaly-da ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň doly üpjün edilmegi, şol sanda olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan goldaw berilmegine gönükdirilendir.

Ajaýyp zamanamyzda dünýäniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan milli bilim ulgamy kemala geldi. Bu günki gün biz dünýä hil derejesinde okaýarys, öwrenýäris, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýäris, medeni-köpçülik çärelerine hem işjeň gatnaşýarys. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň badalga berýän tutumly işleriniň netijesinde uly özgerişleriň şaýady bolýarys. Dünýä ylmynyň gazananlaryndan, öňdebaryjy tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak bilen, bilimimizi artdyrýarys. Bu ösüş-özgerişler bolsa bizi diýseň buýsandyrýar. Ýaş nesiller üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kalbymyzdan joşup çykýan alkyşlarymyz egsilmezdir.

Güneş JORAÝEWA,

Lebap welaýatynyñ Saýat etrabynyñ 34-nji orta mekdebiniñ başlangyç synp mugallymy