Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Olaryň hatarynda ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak «Aşgabat — siti» şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň binagärlik taslamasy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumynyň taslamalary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň we açyk sport meýdançasynyň taslamalary, şeýle-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilen ýadygärligi aýratyn orun eýeleýär. Bu ugurda medeniýet we sungat ulgamyna degişli desgalarda döredijilikli işlemek, ýaşlaryň sungat dünýäsine çuňňur aralaşmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi, binalarda häzirki zaman enjamlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Aşgabat şäheriniň durmuş ulgamyna degişli düzümlerini kämilleşdirmek meseleleriniň oňyn çözgüdi paýtagtymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine itergi berer. Şunuň bilen baglanyşykly şäher ilatynyň döredijilikli işlemegi, amatly dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli medeni hem-de köpçülikleýin çäreleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde «Ak şäherim — Aşgabat» atly Halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, medeni köpçülikleýin çäreler, dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary yzygiderli guralýar. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdeplerinde ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän sergileri, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmek, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda welosipedli ýörişi, mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Aşgabadyň taryhynyň öwrenilmegine hem-de şu günki güne çenli ýeten derejesiniň wagyz edilmegine bagyşlanan sergileri guramak üçin bu şanly senäniň ähmiýetine aýratyn üns berilýär.

Ak mermerli paýtagtymyz berkarar döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini aýdyň görkezýän şäherdir. Jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň, aň-bilim kuwwatynyň derejesini beýan edýän merkezdir.

Aşgabady has-da gözelleşdirmek, abadanlaşdyrmak babatda ägirt uly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, belent başy aman bolsun!

Rahman SEÝITMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby