27-nji fewralda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dawid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny bildirip, Gwatemala Respublikasynyň Prezidenti Alehandro Jiammatteiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.