2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Argus halkara nyrh gullugy eksportyň üýtgedilip gurulmagyna, dünýä bazaryna energiýa çeşmeleriniň üpjünçiligindäki global deňsizligine hem-de kömüriň deňiz transportyna we täze logistikanyň döredilmegine bagyşlanan «Argus Coal 2023» konferensiýasyny geçirer.

Konferensiýa Ýewropa, Aziýa, GDA ýurtlaryndan kömür öndürijiler we sarp edijiler, şeýle-de Ortaýer deňzi we Aziýa-Ýuwaş umman sebitlerine kömür iberýän öňdebaryjy kompaniýalar gatnaşar. Forumy gurnaýjy bolan Argus halkara nyrh gullugy, ýakynda geçiriljek bu konferensiýa türkmen kärhanalaryny çagyrandygyny belledi Çäräniň agzalary, geosyýasy faktorlar we energiýa bahalarynyň üýtgemeginiň ýokarlanmagy sebäpli eksport akymlarynyň paýlanyşynda dünýä bazaryndaky iň uly kömür öndürijileriniň güýçleriniň deňleşmegindäki üýtgeşmeleri seljerer.

Döwran HANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň NGDSG hünäriniň 2-nji ýyl talyby.