15-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen häzirki zaman sungaty we onuň ösüş ugurlary barada pikir alyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany ses studiýasynda Kerimiň döreden we täzeden işlän saz eserleri, onuň aýratynlyklary, häzirki zaman sanly ulgam arkaly sungat eserlerine özboluşly öwüşgin çaýmagyň ugurlary bilen tanyşdy.
Dynç güni milli Liderimiz ses ýazgylar studiýada agtygy Kerimiň döredýän sungaty bilen tanyşdy. Kerim bu ýerde döredýän sungat eseriniň notalaryny, aýdymyň sözleriniň we sazynyň sazlaşygyny üpjün edýän aýratynlyklary barada atasyna gürrüň berdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem dürli görnüşli saz gurallaryny çalyp gördi we çagalyk ýyllarynda ürç edip çalan sazyny ýerine ýetirdi.
Kerim birnäçe sazlary gaýtadan işläp, dürli görnüşli saz gurallary arkaly ýerine ýetirýär hem-de täzeden işlenilen sazlaryň birnäçe parçalaryny dürli ugurlar boýunça timarlaýar we aýdymlaryň düzüliş aýratynlyklaryny utgaşdyryp, dürli heňleriň sazlaşygyndan şolara özboluşly öwüşgin çaýýar.
Döwlet Baştutany ses ýazgylar studiýasynda agtygy bilen bilelikde “Garagum” atly aýdymy täze öwüşgin bilen ýerine ýetirdi. Milli Liderimiz agtygy bilen bu eseri sanly tehnologiýalar arkaly dürli saz gurallarynyň üsti bilen owazlandyryp, oňa täze öwüşgin çaýdy.