Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň hem-de ynanyşmagyň belent nusgasyny görkezýän ata Watanymyz özüniň alyp barýan daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň kadalaryndan ugur alýar. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe kararnamalary kabul etmegi Bitarap Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde uly ähmiýete eýedigini aňladýar.

Geçen ýylyň dowamynda bu iri halkara gurama tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem sebit derejesinde möhüm meseleleriň üstünlikli çözülmeginde uly orna eýedir. Sebit hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşdirilmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň paýtagtymyzdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň uly ornunyň bardygyny bellemek gerek. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda açylan bu sebitleýin merkeziň işiniň üstünlikli ýola goýulmagy Merkezi Aziýada parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmekde örän ähmiýetlidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, alyp barýan daşary syýasatynyň halkara derejede ähmiýetlidigini, öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuna halkara derejede ýokary baha berilýändigini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz bu taryhy waka mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda: «Halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi» diýip belleýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan şu ýylyň 2-nji martynda bu iri halkara guramanyň agzalygyna kabul edilmeginiň 31 ýyllygyny belleýär. Şol taryhy döwürde ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Olaryň aglabasynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilendigini hem bellemelidiris.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan häzirki wagta çenli 21 sany Kararnama kabul edildi. Şolaryň üçüsi halkara gatnaşyklarda öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti bilen baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda beýan edişi ýaly, türkmen halky hemişe-de islendik jedelli meseläni çözmegiň, ilki bilen, parahatçylykly ýoluny öňe sürüpdir. Bu babatda alnanda, bu taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Halkymyzyň döwletli ýörelgeleriniň ýurduň beýik başlangyjy bolup orta çykmagynda geçen taryhy döwrüň, geçmişiň uly orny bardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň öňe süren taryhy başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde belent ykrarnama eýe bolmagy bilen hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, dünýäniň parahatlygy hem-de abadançylygy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Döwletmyrat AŞYROW,

 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby