urdumyzyň nebit we gaz ulgamynda bolup geçýän täzelikler halkymyzyň bagtyýar gelejegine tarap ädimleriň iň naýbaşylarynyň biridir. Çünki Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolgörkezijilikli syýasaty bilen öňe barýan halkymyz Hormatly Prezidentimiziň daşyna jebis birleşip, ýurdumyzyň gelejegi üçin zähmet çekýär. Munuň özi agzybirligiň iň ýokary göreldesidir.Her gezekki üstünlikleri döwlet senenamalarynda, baýramçylyklarda wasp edip, häzirki zaman ösüşleri bilen birlikde dünýä ösüşlerine , döwrebaplygyna goşant goşýan halkymyzyň ýagty gelejegi elbetde maddy üpjünçilikleriň hem ýokary bolmagy bilen berk baglanşyklydyr.
Türkmenistan diýarymyzda dynuwsyz zähmet çekýän nebitçilerimiz we gazçylarymyz bolsa, halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmak üçin öz işlerini ýokary derejede ýerine ýetirýärler.
Gaz geçirijileriniň işini mynsayp ýola goýmak üçin häzirki döwürde ýurdumyzyň hünärmenleri ellerinden gelenini edýärler. Halkara gatnaşyklarda ýola goýulýan dostluk gatnaşykalry hem-de dünýäniň çar ýanyndan bir- birege uzaýan parahatçylyk gollary bilen bir- biregiň ýagty gelejegini saglaýan hünärmenleriň işi has-da artýar. “Galkynyş” türkmen gaz käninden başlap, tä Owganystanyň hem-de Hindistanyň çäklerine uzaýan gaz geçirijiniň gymmaty bu günki günde dostluk- doganlyk gollarynyň bir- birege uzamasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Umumy uzynlygy 1814 km bolup, 207 kilometri Türkmenistanda, 774 kilometri Owganystanda, 626 kilometri bolsa, Pakistanda Hinsitanyň serhetlerine çenli uzaýan bu dostluk hem-de ykdysadyýet ýoly bu günki gün göreldeli zähmet çekýän hünärmenlerimize baglydyr. Dostluk bagynyň dünýä uzaýan gollarynda türkmen hünärmenleriniň hem bardygy halkymyzyň bu günki gün ähli ugurlar boýunça ösýän döwletimize guwanmasyndan gelip çykýar. Bu ajaýyp, göreldeli dostluk gatnaşygy gelejekde bu ulgamlaryň üsti bilen dünýä ýaýrajakdygyna hiç şek- şübhe ýok.
Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň ýoly bilen barýan Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň aladasy ugrunda çekýän zähmetiniň naýbaşy aladalarynyň biri bu ajaýyp dostluk baglarydyr.

Akgözel Suwlyýewa

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy