Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaşlaryň döredijilikli ylmy işler bilen işlemeklerine giň şertler, uly mümkinçilikler döredilýär. Aşgabat şäherimiz barha gözel keşbe eýe bolýar, dürli ähmiýetli iri merkezlere beslenýär, iň döwrebap halkara ölçeglere laýyklykda amatlylygy üpjün edýär. Soňky ýyllarda şäherde taryhy merkezler bilen birlikde köp etraplaryň durky täzelendi, täze ýaşaýyş toplumlary, ýüzlerçe desgalar guruldy. Paýtagtymyzyň köp desgalary halkara derejeli abraýly binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolýar. Munuň özi dünýäniň iň owadan paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän Aşgabadyň ösdürilmeginde ägirt uly üstünlikleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Paýtagtymyzy ösdürmekde dünýä belentliklerine çykan ýurdumyzyň şähergurluşygynda milli Liderimiziň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary ägirt uly goşantlary goşup, bu ugurda bize halypaçylyk edýän Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” ak şäherimiz Aşgabadyň dünýäniň döwrebap şäherleriniň hatarynda meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda uly işleri alyp barýar.
Täze döwrebap taslamalary döretmekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” “Dizaýn” kafedrasynyň talyplary, uçurymlary täze çeperçilik iş usullaryny girizip, olary gaýtadan işläp, çeperçilik taýdan baýlaşdyryp, ýurdumyzyň çeperçilik we ymaratçylyk sungatynyň ösmegine öz täsirini ýetirmegi başarýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň Ak şäherimiz Aşgabadyň keşbiniň özgermeginde täze döwrebap binagärlik taslamalary bilen döredijilik bäsleşiklerine öz täze teklipleri bilen gatnaşýarlar.
2023-nji ýylyň mart aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik-taslama döredijilik sergisi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu döredijilik taslama sergisine ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we ýörite orta mekdepleriň okuwçylary özleriniň täze taslama işleri we ylmy açyşlary bilen işjeň gatnaşdyrlar. Sergide teklip berilýän täze binagärlik taslamalaryň döwrebap keşbi, amatly, berk, owadan milli binagärligiň esasyny düzýän işlerden düzüldi. Gurulýan ak mermer jaýlary döwrebap, tygşytly, milli äheňde adamlar üçin amatly edip gurmak, olaryň bezeg işlerini we oňaýlylygyny berjaý etmek binagärlik dizaýn sungatynyň talabydyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we dizaýn” hünärleriniň talyplary özleriniň döredijilik taslama işleri bilen işjeň gatnaşyp, Baýramow Resul “Asudalyk monumenti”, Gylyjowa Selbi “Botanika bagy” atly işleri bilen birinji orunlara, Rejepowa Şemşat “Orta mekdebiň taslamasy”, Meredowa Tawusşa “Köp gatly ýaşaýyş jaý taslamasy”, Ataýew Begli “Myhmanhananyň taslamasy”, Rejepowa Şirin “Drama teatryň taslamasy” Goçmyradow Maksatmyrat “Köp gatly ýaşaýyş jaý” taslamalary bilen ikinji orunlara, Serdarowa Oguljemal “Köp gatly ýaşaýyş jaý taslamasy”, Annamyradow Gerçekmyrat “Bagyr obasynyň baş meýilnamasy”, Potyýewa Näzik “Az gatly ýaşaýyş jaý taslamasy” Bäşimowa Toýbibi “Orta gatly ýaşaýyş jaýy”, Garýagdyýew Allaberdi “Teatryň taslamasy” bilen üçünji orunlara mynasyp boldylar. Ýeňiji bolan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, höweslendiriji baýraklar we hormat hatlar bilen sylaglandy. Ýaşlaryň ylmy döredijiligini açyp görkezmäge uly mümkinçilikler döredilýär, gelejek-de hem ýurdumyzyň binagärlik sungatyny has-da çeper keşpler bilen dünýä tanatmakda has köp taslamalary ýerine ýetirmeklerine döredijilik sergileri uly hyjuw berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary okuw jaýlarynyň täze dünýä ülňülerine gabat gelýän binalarynda talyplaryň okuwlarynyň hilini ýokarlandyryp, okap, maksada okgunly, gujur-gaýratly ýaşlar bolup Ýurt baştutanymyzy il-halkymyzy begendirip okap, döwletimize öz goşantlaryny goşýarlar.
Jemal Toryýewa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy