14-nji dekabrda Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Bagabat şäherçesiniň golaýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy.

Ýurdumyzyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky Döwlet utgaşdyryjy toparynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen çärä hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Geçen ýyldan bäri döwürde ele salnan neşe serişdeleri, temmäki we gadagan edilen derman önümleri bu ýere ýygnananlara görkezildi.

Bu wehimiň ýaýradylmagyna ygtybarly garşy durmak ýurdumyzda hökümet we kanunçylyk derejesinde üpjün edilýär. Oňa raýatlyk jemgyýetçiligi-de işjeň gatnaşýar. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş pudagara çemeleşmeler esasynda barlyşyksyz häsiýete eýe bolmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belleýär.