Nowruzyň gelmegi bilen Zeminde täzeleniş bolup geçýär. «Nowruz» pars sözi bolup, türkmençä terjime edilende «täze gün» diýen manyny aňladýar.
Nowruz — ählumumy sazlaşygyň we täzelenişiň baýramçylygydyr. Çünki bu döwürde gije bilen gündiz deňleşip, gyş öz ornuny bahar paslyna berýär, baglar pyntyklap, güller açylýar. Bu sazlaşyga bagyşlap beýik danalar ölmez-ýitmez eserleri döredipdirler. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy «Duman peýda» atly goşgusynda Nowruzyň keşbini şeýle beýan edipdir:
Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik gyýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda,
Ýer ýüzünde ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.
Çünki Nowruzyň gelmegi bilen, dogrudan-da, tebigatda täzelenişiň alamatlary duýulýar. Daglaryň gary eräp, çeşmeleriň suwy dolup-daşyp akýar. Maýsalar gögerip, topragy begres dona büreýär. Agaçlaryň baldajyklarynda pyntyklar ýarylyp, güller gunçasyny açýar, dünýäniň ýüzünde ýylgyryş peýda bolýar.
Nowruz diňe bir täze günüň, aýyň, ýylyň başy bolman, eýsem, täze ýaşaýşyň, durmuşyň hem başlangyjydyr. Şeýle ajaýyp pursatda ynsanyň kalby durlanýar, ýüzi nurlanýar, höwesi artýar. Edil şonuň ýaly, guş-gumrular, mör-möjekler we beýleki jandarlar hem täze güni özleriçe garşy alýar. Giň sähralar, düzler, daglar, deňizler umumy täzelenişi başdan geçirýär. Dünýäde hiç bir baýram ýaş babatda hem Nowruz bilen bäsleşip bilmese gerek. Sebäbi bu baýram ählihalk häsiýeti, gadymylygy bilen beýleki baýramlardan düýpli tapawutlanýar.
Semeni Nowruzyň esasy tagamy bolup, onuň daşyndan pişme, gatlama ýaly tagamlar hem taýýarlanylýar. Palaw hemmeler üçin milli nahar bolup, Nowruzda ol has hem köp bişirilýär. Saçaklar dürli nygmatlar bilen bezelýär. Saçakda näçe bolçulyk bolsa, täze ýyl şonça-da bereketli geler diýip yrym edilýär. Nowruz baýramy dünýäniň onlarça ýurtlarynda bellenip geçilýär. Ol diňe bir baýramçylyk, toý däl, eýsem, özboluşly medeni gymmatlyk hökmünde hem kemala gelendir.
Ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň Nowruz baýramy milli senenamamyzda täzeden mynasyp orna eýe boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly dabaralara beslenýär. Baýram güni dynç alyş ýerlerinde, seýilgählerde medeni çäreler örän ýokary derejede geçirilýär. Halk köpçüligi şol dabaralara işjeň gatnaşyp, şatlykly pursatlary başdan geçirýär. Baýramyňyz gutly bolsun!