2012-nji ýylyň 28-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dünýäniň ähli adamlaryna bagt ideýasyny ýada salmak we habarlylyk döretmek hem-de adamlara durmuşyň gowy we hoşniýetli pursatlaryna baha bermäge mümkinçilik berjek baýramçylyk yglan etmek kararyna gelýär. Şonuň üçin 20-njy mart “Bütindünýä bagtlylyk gününi” güni diýlip yglan edildi. Bütindünýä bagtlylyk gününi 20-nji martda bellenilmegi hem, ýöne ýerden däl. 20-nji martdan Gije bilen gündiziň deňleşmegi ähli adamlaryň deň hukuklary almalydygyny we alyp biljekdiginiň nyşanydyr.

Häzirki wagtda durmuşymyzda gündelik iş aladalar bilen başagaý bolup şatlanmagy, bagtly duýmagy, unutýan döwründe “Bütindünýä bagtlylyk güni” örän ähmiýetli, sebäbi biz gündelik aladalarymyz bilen kä wagt ujypsyzja zatlara-da begenip bilýändigimizi unudýarys. Bütin dünýä bagtlylyk güni hem unutýan zatlarymyzy ýadymyza salýar.

Özümizi nähili bagtly duýup bileris? – diýen sorag ýüze çykýan bolsa, durmuşymyzda ujypsyzja ýerine ýetirip biljek, ýeňiljek zatlarymyzdan başlap bileris. Dostlarymyz bilen ýa-da ýakyn görýän adamalarymyz bilen görüşmeklik, duşyşmaklyk birek-biregi gutlamaklyk, şadyýan, bagtly, pursatlary başdan geçirmeklik üçin uly mümkinçilik bolup durýar. Tutuş güniň iş aladalarynyň arasynda ýönekeý zatlara gülmegi başaryň. Eliňizden geldigiçe sagdyn iýmitleniň, beden taýdan fiziki maşklary ýerine ýetiriň, dostlaryň bilen mümkin boldugyça köpräk wagt geçirmäge synanyşyň.

2013-nji ýyldan bäri “Bütindünýä bagtlylyk güni” her ýylyň 20-nji martynda bellenilip geçilýär.

Mergen GURDOW,

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby