Her ýylyň 23-nji martynda «Bütindünýä meteorologiýa güni» giňden bellenilýär. 1950-nji ýylyň 23-nji martynda Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň Konwensiýasy güýje girip, bu resminamanyň esasynda bu gurama döredildi. Häzirki wagtda onuň agzalygyna dünýä döwletleriniň 187-si girýär. Biziň ýurdumyzda 1926-njy ýylda meteorologiýa gullugy döredilýär. Ol halk hojalygynyň ösüşine hem-de meteorologiýa maglumatlarynyň talabalaýyklygyny meýilnamalaşdyrýar. 1993-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda ýurdumyz Bütindünýa meteorologik guramasynyň agzasy bolýar. Paýtagtymyz Aşgabatda ilkinji meteorologik stansiýa 1892-nji ýylyň maýynda, Köşi obasynda bolsa 1910-njy ýylda gurulýar. Şol ýyllardan soň Aşgabatda yzygiderli howa gözegçiligi başlanýar.
Meteorologiýa – atmosferada bolup geçýän hadysalary we howa ýagdaýlaryny öwrenýän hem-de olaryň sebäplerini düşündirýän ylymdyr, ýagny atmosferanyň fizikasydyr. Guramanyň esasy wezipesi howa we suw meselelerini çözmekden ybaratdyr. Bütindünýä meteorologiýa guramasyna agza bolan döwletler öz arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk alyp baryp, atmosferanyň, gury ýeriň, deňizleriň, ummanlaryň, derýalaryň ýagdaýy barada maglumat alyşýarlar. Alnan maglumatlaryň esasynda bolsa, howa maglumaty taýýarlanylýar.
Howply gidrometeorologiýa hadysalary barada öňünden duýdurylýar. Guramanyň esasy üstünlikleriniň biri bolsa, howany öwrenmek boýunça bütindünýä maksatnamasynyň hem-de Bütindünýä howa gullugynyň döredilmegi bolup durýar. Onuň netijesinde bolsa biz gündeki günde ýakyn geljekdäki howa şertlerine taýyn bolmagymyza kömek edýär.
2023-nji ýylyň şygary: «Global azyk ulgamyny goldaýan ölçegler». Ýagny, beýle diýildigi howanyň üýtgemeginiň barha artýan kynçylyklary, 2022-nji ýylyň ahyrynda ilaty 8 milliard bolan dünýäde azyk önümleriniň paýlanyşy sebäpli saýlanylypdyr.
Meteorologiýa we klimatologiýa ylmyna esasan hem K.Weýisow, G.Gurbandurdyýew, A.Durdyýew, A.Durdykow, N.Nurberdiýew, Ý.K.Balakirow, G.Hamraýew we beýlekiler öz mynasyp goşandyny goşup, ýaşlara we geljekki meteorolog hünärmenlere birnäçe ylmy kitaplary hem ýazypdyrlar.
Ogulşirin GARÝAGDYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň NGDSG hünäriniň 3-nji ýyl talyby.