Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) Durnukly ösüş konsepsiýasyna laýyklykda, dürli ýurtlara energetikanyň täze görnüşlerine geçmegine ýardam berýän, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energetikada dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hyzmat edýän hökümetara gurama. Onuň maksady dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň depginini artdyrmaklyga hem-de bu ugurdaky bilimleri we tehnologiýalary ýaýratmaklyga ýardam etmekden ybaratdyr. Onuň işiniň esasy ugurlary energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak üçin şertleri döretmek, maliýeleşdirmek we tehnologiýalary peýdalanmak babatda agza ýurtlara maslahat hyzmatlaryny bermekdir. Agentlik energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini global ulanmakda öňegidişligi gazanmak we dünýä ykdysadyýetiniň uglewodorodlara garaşlylygyny azaltmak üçin döredildi. Onuň bilen ugurdaş howanyň üýtgemegine garşy iş alyp barmak meselesi hem goýulýar.
Ylmyň we tehnologiýalaryň ösen döwründe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini — Günüň, ýeliň, suw akymlarynyň hereketiniň hem-de beýleki tebigy hadysalaryň hasabyna döreýän üznüksiz we tükeniksiz gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak bütin dünýäde öňe sürülýän wajyp ugurlaryň biridir. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň peýdalanylmagy gazylyp alynýan uglewodorod serişdeleriniň ulanylyşyny peseltmek arkaly atmosfera goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini azaldyp, daşky gurşawy, atmosfera howasyny, ozon gatlagyny goramagyň zerur şertleriniň biridir.Önümçilige we durmuşa ekologiýa taýdan arassa energiýany öndürýän tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň binýatlaýyn ugurlarynyň biridir. Güneşli Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmäge uly mümkinçilikler bar.
Häzirki döwürde 160-dan gowrak döwleti özüne birikdirýän IRENA agentligi bilen bir hatarda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň senagat taýdan ösüş boýunça ýöriteleşdirilen düzümi (UNIDO), BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýdy.

Merjen BABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby