Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 26-njy martynda ýurt üçin ähmiýetli, halk üçin bähbitli wakalaryň biri — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Demokratik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçirilen saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Saýlaw kodeksiniň kadalary esasynda alnyp barlyp, milli kanunlarymyza, halkara kadalara laýyklykda geçirmek üçin ähli şertler döredildi.
Saýlaw çäreleri ir säherden aýdym-sazly dabaralar bilen badalga aldy. Saýlawlara syn etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalarynyň halkara synçylar toparynyň wekilleriniň hem gelendigini bellemek gerek.
Saýlaw toparlarynyň agzalary talyp ýaşlaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine örän jogapkärli çemeleşdiler. Watanymyzyň geljegi bolan gujurly ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň ilkinji syýasy ädimlerini ädip, iň mynasyp dalaşgär üçin öz seslerini bermäge mümkinçilik aldylar. Asylly däbe eýerilip, şu gezekki saýlawlara 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesle aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Umuman, saýlaw günündäki çäreler milli demokratiýamyzyň has-da dabaralanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, häzirki türkmen jemgyýetinde çuň özgertmeleri durmuşa geçirmegiň binýatlyk esaslarynyň üpjün ediljekdiginden nyşandyr. Döwletimiziň demokratik-hukuk binýady has-da berkesin!

Döwran ORAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň SDTTEHA “B” hünäriniň 4-nji ýyl talyby.