Türkmen diýarymyz gün- günden ösýär, özgerýär hem-de dünýäde halkara abraýyny artdyrmasyny dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan nebit we gaz ulgamy-da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar.
Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara abraýyny artdyrýan bu ulgam-da edilýän işleriň mazmunyny tassyklaýar.
Bu babatynda suwuklandyrylan gazyň eýýäm Özbegistana getirilmegi hem mysallaryň biridir. Dogrusy türkmen tarapy bilen özbek tarapy bu işlerde ýokary netije gazanylmagyny öňräkden bäri saglaýar.
Türkmenistan diýarymyzyň 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy Özbegistana iýbermesi bu maksatlarda iň uly ädimleriň biridir.
1 müň tonnasyny Garagalpagystanyň, ýene-de 1 müň tonnasyny Horezm oblastynyň ýaşaýjylarynyň arasynda paýlamak meýilleşdirilen bu önüm nijeme adamalryň durmuşykdysady ýagdaýyny has gowulandyrmak maksatlary bilen ugradyldy.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem bu işde edilen işleriň naýbaşysy boldy.
Dogrusy diýarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda alyp abrýan işleriniň netijesinde ilaty ykdysady taýdan üpjün ýaşatmak şertlerinde görelde bolmagyny dowam etdirýär.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Häzirki zaman tehnologiýalar eýýämi üstünliklere uzaýan adamzada köp zatlar babatynda ýeňillikler döretmek bilen bilelikde , üstünligiň açary bolan komputer tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa geçirmekde , şeýle hem häzirki zaman işewürlik proseslerini durmuşa ornaşdyrmakda komputerleri iň bir uly hyzmat beriji gural hökmünde ulanýar.Nebit we gaz ulgamy-da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp, Diýarymyz beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Bu bolsa, bizi hünärmen hökmünde hem buýsandyrýar hem-de işimize söýgümizi artdyrýar.
Şeýle mümükinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň görkezen ak ýoly bilen hem-de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen edilýän bu halk bähbitler hemişe rowaçlyklara beslenýär.
Röwşen Garaýew
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

RU



