Ýurdumyzda nebit we gaz ulgamyndan edilýän işleriň mmükinçilikleri has-da giňeýär. Bu ugurda sanly ulgam bilen baglanşykly mmükinçilikler ykdysady ösüşiň ugurlaryny kesgitlemäge aýdyň ýol görkezýär. Ösüşlere barýan ýurdumyzyň sanly ugry bu ulgam boýunça gerimini barha we barha giňedýär. Munuň özi jemgyýetiň ösüş derejesiniň talapkärligini ýokarlandyrmagynda täze usullara ýüzlenmelidigini hünärmenlerden hem talap edýär. Şeýlelikde ähli ugurlar boýunça bir sapaga düzülýän sanly ulgamyş şertlerine täze iş orunlary bilen gelmek, täze tehnologiýalaryň ýüze çykamgyny gazanmak şeýle- de müň bir röwüşli täzelikçileriň mekanyny sarp etmäge ukyply jemgyýetiň öňünde durjak döwletiň borjudygy hakynda oýlanmak zerurdyr.
Nebit we gaz we beýleki ugurlar boýunça sanlaşmanyň üstünlikli amala aşmagy häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyza ornaşdyrylmagy bu esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Her bir işiň bähbitli taraplary esasynda sanlaşmagy bolsa, ösen tehnologiýalar zamanynda halkyň hal- ýagdaýyny ösdürmegiň uly ugurlaryndan söz açmaag mümkinçilik döredýär.Sanly taraplaryna ser salanyňda ykdysady ölçegleriň mümkinçiliklerine her bir adamyň häzirki döwürde dogry düşünmegini gazanmagy biziň zamanamyzyň esasy meselesine öwrüldi. Sanly ykdysadyýet internet mobil ulgamynyň şertlerinde jemgyýetiň ähli özgerişlikleriniň başlangyjy bolmak bilen öz üstüne täze jemgyýeti gurmagyň mümkinçiliklerini alýar. Çünki sanly ykdysadyýetiň wezipesi jemgyýetiň üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda dünýägaraýyşyň mümkinçiliklerini giňeltmek , ýagny durmuş keşplerini has täze, ösen ykdysady görnüşe geçirmek bilen şertlendirilýär. Şeýlelikde ol dünýä ykdysadyýetiniň baş görkezijisi hem- de dolandyryjysy hökmünde öňe çykýandygy bilen tapawutlanýar.
Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan il ýurt bähbitli işleri mundan beýläk- de rowaç alsyn! Halkymyza döwrebap hyzmat etmek bilen sanly ulgamy nebit we gaz kärhanalaryna ornaşdyrmakda, ýerleşdirmekde, ýurdumyzyň ösüşine öz goşandymyzy goşmakda biz hem elimizden gelenini aýamarys.
Şeýle mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize ýene bir gezek köp sag bolsun aýdýarys!
Goý olaryň jany sag , tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Umyda Berdimuradowa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyllyk talyby

RU












