Türkmen diýary öňküsinden hem abraýyny artdyrýar.Türkmenistan diýarymyz häzirki wagtda dostlukly, döwranly ýurtlaryň hataryna öwrülmegi bu ykdysady ösüşler bilen hem gönüden göni baglydyr.Biziň ýurdumyz nebit we gaz ulgamy boýunça hem häzirki döwürde uly işler alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň çar künjündäki dostana döwletler bilen aragatnaşygy ýola goýmagyň başlangyçlarynda ykdysady gatnaşyklar,ekologiýa abadançylygy,özara hyzmatdaşlyk, medeni gatnaşykalr ýaly işleri durmuşa geçirmekde nusga boldy. Bagtyýar durmuşy saglaýan türkmen diýary Garaşsyzlyk ýyllary içinde sanlaşdyrylan nebit we gaz ulgamynda hem uly üstünliklere eýe.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni kalbyňy şatlandyrýan buýsançly, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Munuň özi bu günki gün Türkmen diýarynyň hili taýdan ýokarlanýan önümleri bilen, dostana gelýän myhmanlarynyň hoşniýetli gatnaşygy bilen şeýle- de Türkmen diýarynda Garaşsyzlygyň netijesi bilen ölçelýär.

Hut Gahryman Arkdagymyzyň saýasynda edilýän işler tükeniksizdir. Parahatçylyga we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan su syýasy ähmiýetli ýolumyzda müňýyllyklardan gelýän dostlugyň ykdysady bagy häzirki döwürde has saglam bir ugra geldi.

Watanymyzyň ösüşiniň, abadançylygynyň bähbidine döwlet hem- de jemgyýetçilik işlerinde üstünlik gazanýan ähli ýerlerde halkymyzyň bähbidine geçirilýän işleriň möhümdigi,onuň sanardan kän üstünlikli taraplary bu günki gün ýurt baştutanmyzyň halky üçin edýän aladalaryndan gelip çykýandyr. Döwletimiziň ýokary derejeli ösüşleri diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyryldy. Häzirki wagtda desgalary sanlaşdyrmak, dolandyrmak, gurmak we halk üçin, şeýle- de maksatly desgalary gurup nebit gaz we beýleki ugurlar boýunça ulanylmaga berilmegi Garaşszylyk ýyllary içinde ýurdumyzda gurluşga berlen ünsüň üstünlikli taraplaryny ýüze çykarýar. Häzriki wagtda dünýäniň çar künjünde ýaşaýan halklaryň bu görüm- göreldäni yzygiderli dowam edýändigini bolsa, ýurdumyza gelýän işewürleriň sanynyň artmagy bilen hem subut edilýär.Sanly ykdysadyýetiň ösüşlerinden ugur alýan innowasiýon merkezleriň döredilmegi, şol merkezlerde edilýän işler, türkmen ýaşlarynyň oýlap tapýan täzelikleri bolsa, bu günki gün her bir ulgamda bolşy ýaly, nebit we gaz ulgamynda hem durnukly amala aşyrylýar.

Iň esasy ugurlar boýunça edilýän işleriň netijeliligini görkezmek bilen halkymyzyň ýaşaýyş- şertlerini gowulandyrmak hem- de ruhy dünýäsini aýap saklamak hem- de döwrebap ösüşler bilen alyp gitmek meseleleri örboýuna galýar. Bu hem ähli ugurlardaky işleriň netijeli we çalt amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Munuň özi ykdysady tygşytlylyk bilen bir hatarda edilýän işlere goltgy bolýar.

Kerim Çaryýew

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymy