Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramaga we senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ekologiýa diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.
Adalatlylyk, daşky gurşawy gorap saklamak, durnukly ösüş babatyndaky ählumumy ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa diplomatiýasyny häsiýetlendirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilendigini subut edýär.
Halkara jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş baradaky tagallalarynda türkmen diplomatiýasynyň mynasyp orny bardyr. Döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky işjeňligine ýurt Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlary esas bolup durýar. Şeýle halkara başlangyçlaryň hatarynda ekologik meseleleriň çözgütlerine gönükdirilen teklipleri hem nygtamak bolar. Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegini, Araly halas etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumynyň işlenilip taýýarlanylmagyny hem-de Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi boýunça sebit merkezi baradaky başlangyçlary görkezmek bolar. Ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň bu wajyp ugurlary Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapýar. Daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň esasy konwensiýalarynyň agzasy bolan döwletimiz ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Ekologiýa diplomatiýasynyň sebit derejesinde ösdürilmeginiň derwaýyslygy tebigatyň serhet çäginiň ýokdugy, howa gurşawynyň umumadamzat üçin bitewüligi, döwletleriň ulanýan agyz we ekin suwlarynyň gözbaşynyň bir bolmagy, tebigatyň janly-jandarlarynyň ýer we howa üsti bilen uzak hem-de ýakyn döwletleriň çäklerine aralaşyp ýaşamaklary bilen hem esaslandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa meseleleri Türkmenistan döwletimiziň işjeň we köptaraplaýyn ekologiýa diplomatiýasyny alyp barmagyny şertlendirýär. Ýurdumyzyň halkara ekologiýa başlangyçlary diňe bir çagyryş bolman, eýsem, Türkmenistanyň olary durmuşa geçirmekde ähli zerur goldawy bermäge taýýardygy baradaky hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa mynasyp bolýar.
Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bu ugurdaky netijeli işleriň anyk mysallarydyr. Şunda döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan «ýaşyl zolaklary» giňeltmegiň netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti aýratyn uludyr. Çünki tokaý zolaklarynyň giňeldilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, çölleşme hadysalarynyň öňüni almaga ýardam berýär. Çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça çäreler hem ýurdumyzyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň barha işjeň häsiýete eýe bolmagy ählumumy howpsuzlygyň düzüm bölegi bolan ekologiýa howpsuzlygynyň sebit we dünýä derejesinde üpjün edilmegine goşýan mynasyp goşandy bolup durýar.

Gurbannazar SAPARKULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň SDTTEHA “B” hünäriniň 3-nji ýyl talyby.