Bilimli, ökde we sowatly ýaşlary ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatynyň, şeýle hem Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Şol mynasybetli, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda dürli ugurlar boýunça ders hem-de taslama bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Şol sanda, Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda 2023-nji ýylyň 27-nji marty bilen 1-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Nazary mehanika” dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi.
Bu olimpiada Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, Ýewropadan, Amerikadan, Hytaý Halk Respublikasyndan we ýene-de onlarça ýurtlardan 400-den hem gowrak talyplar gatnaşdylar we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşinde bäsleşdiler.
Bäsleşik onlaýn hem-de ýüzbe-ýüz görnüşinde garyşyk ýagdaýda türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirildi.
Bäsleşigiň netijesinde dogry çözülen ýumuşlaryň göterim gatnaşygy esasynda bäsleşigiň ýeňijileriniň sany kesgitlenildi. Ýagny, hödürlenen ýumuşlaryň 50%-den köp bölegini dogry çözmegi başaranlar I derejeli, 30%-den 50%-e çenli dogry çözmegi başaranlar II derejeli we 15%-den 30%-e çenli dogry çözmegi başaranlar III derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.
Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlary dünýä ülňülerine laýyklykda okatmak, olary halkara olimpiadalara taýýarlamak, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary ylma we döredijilide ugrukdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işlere aýdyň mysal bolup durýar.
Şeýle bäsleşikleri guramaga, ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ýaşlary ökde hünärmenler edip taýýarlamaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn.
Baýram Jumaýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Tehniki ulgamlaryň awtomatikasy kafedrasynyň müdiri, uly mugallym