Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň “ Sagdyn bedende-sagdyn ruh ” pähiminden ugur alynýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu meseläni çözmekde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine giň orun berilýär. Şonuň bilen baglanyşykda ýaşlary pähim-parasatly ýörelgeleriň esasynda terbiýelemek, olaryň durmuşda gabat gelýän zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak ýurdumyzda geçirilýän esasy çäreleriň biridir.
Elbetde, zyýanly endikleriň ynsan saglygyna, onuň durmuş ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirýändigi hemmelere mälimdir. Şeýle-de bolsa kähalatlarda olaryň girdabyna düşýän adamlar gabat gelýär. Şonuň üçin hem bu ýagdaýlaryň, ýaramaz endikleriň öňüni almak barada uly aladalar edilýär.
Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda ynsan saglygyna zyýan berýän zyýanly endiklere garşy göreşendiklerini nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň zyýanly endikler barada döreden “Çilim çekmegil”, “Munda çilimkeş”, “Neşekeş”, “Çilimkeş”, “Naskeş”, “Nas atan” ýaly goşgularynyň Berkarar döwletde sagdyn, ruhubelent ýaşlary terbiýelemekde we kemala getirmekde uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.
Türkmenistan döwletimiz temmäki ulanylmagyna garşy işjeň göreş alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde bu ugurda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. 2011-nji ýylyň martynda milli parlamentimiz tarapyndan “Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä gözegçilik etmek boýunça” çarçuwaly konwensiýasy tassyklanyldy. Bu ulgamda ýurdumyzyň esasy gazananlarynyň hatarynda 2013-nji ýylda kabul eden “ Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden hem-de temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijesinden goramak hakynda” Kanuny oňyn netijeler berýär. Şeýle hem 2022-nji ýyly Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen 2022-2025- nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Şonuň bilen baglylykda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ösüp gelýän ýaş nesiller bilen zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany hakynda wagz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Ýaramaz endikleriň öňüni almak häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm durmuş meseleleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekleri, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklary üçin uly aladalar edilýär. Dünýä ülňelerine laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, anyklaýyş merkezleriniň, sport bilen meşgullanmak üçin dürli sport desgalarynyň gurulmagy Arkadagly Serdarymyzyň:
-Watan diňe halky bilen Watandyr!
Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!
diýen jümleleriniň berk binýadydyr.
Baýramow Baýram,
Türkmen oba holalyk insititutynyň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby.