Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga we senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ekologiýa diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.
Daşky gurşawy gorap saklamak, durnukly ösüş babatyndaky ählumumy ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa diplomatiýasyny häsiýetlendirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilendigini subut edýär.
Halkara jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş baradaky tagallalarynda türkmen diplomatiýasynyň mynasyp orny bardyr. Döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky işjeňligine ýurt Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlary esas bolup durýar. Şeýle halkara başlangyçlaryň hatarynda ekologik meseleleriň çözgütlerine gönükdirilen teklipleri hem nygtamak bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegini, Araly halas etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumynyň işlenilip taýýarlanylmagyny hem-de Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi boýunça sebit merkezi baradaky başlangyçlary görkezmek bolar. Ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň bu wajyp ugurlary
Ekologiýa diplomatiýasynyň sebit derejesinde ösdürilmeginiň derwaýyslygy tebigatyň serhet çäginiň ýokdugy, howa gurşawynyň umumadamzat üçin bitewüligi, döwletleriň ulanýan agyz we ekin suwlarynyň gözbaşynyň bir bolmagy, tebigatyň janly-jandarlarynyň ýer we howa üsti bilen uzak hem-de ýakyn döwletleriň çäklerine aralaşyp ýaşamaklary bilen hem esaslandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa meseleleri Türkmenistan döwletimiziň işjeň we köptaraplaýyn ekologiýa diplomatiýasyny alyp barmagyny şertlendirýär. Ýurdumyzyň halkara ekologiýa başlangyçlary diňe bir çagyryş bolman, eýsem, Türkmenistanyň olary durmuşa geçirmekde ähli zerur goldawy bermäge taýýardygy baradaky hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa mynasyp bolýar.
Ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämil nusgasyny her bir adamyň saglygy üçin amatly daşky gurşawa bolan esas goýujy halkara hukuk kadalaryny özünde berkidýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, ulgamlaýyn häsiýeti bilen tapawutlanýan «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» şeýle hem «Ekologiýa maglumatlary hakynda», we Türkmenistanyň beýleki ýöriteleşdirilen kanunlarynyň mysalynda görmek bolýar.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň barha işjeň häsiýete eýe bolmagy ählumumy howpsuzlygyň düzüm bölegi bolan ekologiýa howpsuzlygynyň sebit we dünýä derejesinde üpjün edilmegine goşýan mynasyp goşandy bolup durýar. Şol bir wagtda, halkymyzyň durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän daşky gurşawyň goragyny we tebigy serişdelerimiziň rejeli peýdalanylmagyny maksat edinýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga hem giň mümkinçilikleri açýar.
Allanazarowa Täzegül
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby

RU



