Tebigatda duş gelýän köp sanly maddalar özleriniň käbir aýratyn fiziki häsiýetleri erginiň ýokary şepbeşikligi, örtük, süým we ş.m. emele getirip bilmek ukyby bilen beýleki birleşmeleriň toparyndan tapawutlanýarlar. Bu maddalara sellýuloza, lignin, pentozalar, krahmal, proteinler we nuklein kislotalar degişlidir, olar ösümlik hem-de haýwan organizmlerinde giň ýaýrap, organizmleriň ýaşaýyş işjeňligi netijesinde emele gelýärler.Sanalan maddalar ösümlik we haýwan organizmleriniň gury agramynyň esasy bölegine barabardyr.Geohimiýa ugrundan işleýän alymlaryň hasaplamalaryna görä okeanlar, gury ýerde we atmosferada ýaşaýan ähli ösümlik we haýwan organizmleriniň gury massasy takmynan 1017 tonna barabardyr, bu bolsa ýer gabygyndaky nikeliň, hromyň, misiň, sinkiň, gurşunyň, kümşüň we altynyň hemmesini bilelikde alnanda hem 2,5 esse köpdür.Şonuň üçinem bu maddalaryň adamyň durmuşy we ýaşaýyş işjeňliginde agirt uly ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirýäris.Ýöne bu adamyň durmuşy bilen şeýle bagly bolmagyna garamazdan olaryň ýaýraýyş we elýeterligi, gurluşy hem-de tebigaty ýaňy-ýakynda aýdyňlaşdyryldy. Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy işleriň netijesinde proteinleriň sellýulozanyň, krahmalyň, ligniniň we käbir beýlekimöhüm maddalar, meselem kauçuk we tebigy smolalaryň makromolekulalardan ybaratlygy kesgitlendi. Bu maddalar ýokary molekulýar birleşmeler diýen umumy ady aldylar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmek halatynda Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş-nesil baradaky atalyk aladasy netijesinde uly işler amala aşyryldy. Döwletimizde bu ulgamy kämilleşdirmeklik uly depgin bilen alnyp barylýar.Ýokary molekulýar birleşmeleriniň himiýasy janly organizmleriň düzüminde duş gelýän we önümçilikde sintez arkaly alynýan polimerleri öwrenýän ylym.Köp sanly ylmy-barlag işleriň netijesinde himik, fizik we tehnolog alymlaryň gatnaşmagynda diňe bir käbir tebigy ýokary birleşmeleriň gurluşy kesgitlenmän, eýsem olary çalşyjylaryň elýeterli çig mallardan sintezlenmegiň ýollary tapyldy. Senagatyň täze pudaklary döredi, sintetiki kauçugyň, emeli we sintetiki süýmleriň, plastmassalaryň, laklaryň we reňkleriň we beýleki önümçiligi başlandy.Ilkibaşda sintetiki materiallar tebigy materiallary çalşyjylaryň häsiýetine eýe boldy. Soňraky ýyllarda täze tipli ýokary molekulýar birleşmeleri sintezlemegiň usullary işlenip düzüldi.Berkligi boýunça polatdan yza galmaýan aýna plastikler we uglerod süýmleri alyndy.Häzirki wagtda himiýanyň we fizikanyň üstünligi netijesinde ýokary molekulýar birleşmeleriň tehnologiýasy we önümçiligi ösdürilýär.Häzirki wagtda ýer gabygynyň esasy düzüm bölekleri bolan kremniý we alýuminiý oksidleriniň ýokary molekulýar birleşmelerdigi kesgitlendi. Köp sanly mineral gelip çykyşly maddalar (slýuda, asbest, toprak) makromolekulalardan ybaratdyrlar. Ýöne organiki ýokary molekulýar birleşmeler, organiki dällere garaňda az öwrenilendir.
Guwanjowa Güljeren
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby

RU



