Eziz Watanymyzyň çar ýanynda ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklarynyň uly gorlary bar. Bu baýlyklar milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin gymmatly çig maly bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr. Döwletimiz tarapyndan bu pudagy döwrebaplaşdyrmaga we onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen topragynyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine netijeli we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen oýlanyşykly syýasaty bu möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa senagatynda amala aşyrylan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, taryh üçin gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap kärhanalary gurmak, himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny ençeme esse artdyrmak, öňden bar bolan kärhanalaryň durkuny döwrebaplaşdyrmak başartdy. 2014-nji ýylda Mary welaýatynda ýyllyk kuwwaty 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürmäge niýetlenen zawodyň gurulmagy, 2016-njy ýylda Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge niýetlenen önümhananyň açylmagy, 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid we 660 müň tonna ammiak öndürmäge niýetlenen «Garabogazkarbamid» zawodynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýet eýe boldy. Himiýa senagatyna degişli döwrebap kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň tutuş senagat düzüminiň ösüşiniň kuwwatlanmagyna we bäsdeşlige ukyply eksport önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» himiýa pudagy boýunça geljekde ýene-de birnäçe senagat kärhanalaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mineral dökünler bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýodly we bromly suwlary gaýtadan işlemek boýunça önümçilik-tehniki kuwwatlyklary ýokarlandyrmak babatynda «Balkanabat» ýod zawodynda, Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesinde kuwwatlylygy ýylda 250 tonna tehniki ýod we 2 müň 350 tonna brom we brom önümlerini öndürmäge niýetlenen desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi himiýa senagatyny toplumlaýyn ösdürmäge uly itergi berip, içerki we daşarky bazara gönükdirilen himiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik döreder. Himiýa senagaty boýunça täze döwrebap zawodlaryň gurulmagy Watanymyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmekde, ony diwersifikasiýalaşdyrmakda mynasyp goşant bolar.
Tebigy çig mal baýlyklarynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna esaslanýan himiýa senagat desgalarynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň nurana geljegini nazarlap amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň dabaralanmagyna güýçli itergi berip, gazanyljak üstünlikleri dabaralandyrar.
Gadyr TAGANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň SDTTHEA hünäriniň 2-nji ýyl talyby.