Parasatly türkmen nakylynda «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýilýär. Durmuşymyzyň manysy çaga dünýäsi hakynda aýtmaag zat kän.Aslynda çagalar gelejekki şahsyýetiň körpelik döwrüni düzýär we kä halatlarda biz çagalaryň aklyna haýran galýarys. Ol onuň ýaşy bilen däl- de başy bilen bellidir.Şol sebäpli- de türkmenler: “Akyl ýaşda däl- de başda bolar” diýen sözi öz durmuşlarynda ulanýarlar. 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda bu sene çagalaryň baýramy hökmünde bellenilýär.
“Çaga durmuşyň güli” diýip, aýdylmagy hakykatdan hem çagalaryň ene – atalar , ulular tarapyndna söýlümegini saglaýan nakylalryň biridir. “Çaga eziz terbiýesi ondan hem eziz” diýen nakyly bolsa, çagany terbiýelemekde ulularyň işleriniň wajyplygy düşündirilýär. Elbetde çaga dünýäniň gelejegidir. Şol sebäpli- de gelejege gowy nesil taýaýrlamak üçin şu günden çagalary terbiýeli, bilimli hem- de döwrebap pikirlenip bilýän çagalar edip ýetişdirmek wajypdyr.Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli senedir.
Çünki çagalar biziň gelejegimiz , çagalary goramak,olaryň ýylgyrşyny görmek üçin ynsanlar hemişe janlaryny bermäge taýaýr. Körpe balalar ynsanyň dowamatydyr. Çagalaryň ýaşaýyş -durmuş şertlerini gowualndyrmak üçin ýurudmyzda hem örän köp aladalar edilýär.ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we çagalary goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn özgertmelere ýetmek ugrunda ýeriň ýüzünde köp işler edilýär. Her bir döwletiň çagalaryny goramak üçin kanunlary, kadalary bar. Şol kadalar hem bize çagalarymyzyň hukuklaryny düşündirýär.Olaryň bagtyýar ýaşaýşyny saglamakda uly neil borçlydyr.
Babamyradowa Nurana
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby

RU



