Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün edip, täze belentliklere ýol açýar.
Bu ösüşleriň kämil hukuk binýadyna esaslanýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz taglymatyndan kemal tapan bagtyýar durmuşymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda barha rowaçlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeler ýokary depginler bilen üstünlikli amala aşyrylýar we olar milli kanunçylygymyzda berkidilýär.
Ygtybarly kanunçylyk binýady adalat jemgyýetimizi, demokratik hem-de hukuk döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy daýanjydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk ýörelgelerini öňdebaryjy halkara tejribe esasynda yzygiderli kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi bu ulgamda durmuşa geçirilýän işlerde aýdyň görünýär.
Arkadagly Serdarymyzyň ilkinji we esasy aladasy öz mähriban halkynyň eşretli, bolelin hem abadan durmuşda ýaşamagydyr, ata Watanymyzda bagtyýarlygyň höküm sürmegidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan durnukly hem sazlaşykly ösüş bu babatda öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge mümkinçilik berýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» bolup geçýän buýsandyryjy wakalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşleriň döwrüdir. Gurmak, döretmek bagtyndan paýly halkymyzyň nusgalyk derejä göterilen döredijilik başarnyklary bu gün dünýä ykrarnamasyna eýe bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi nazarlaýan giň gerimli işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulanýar.
Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!
Muhammetaly MAHMUDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Binagärlik gurluşyk fakultetiniñ talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Binagärlik gurluşyk fakultetiniñ talyby