Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmeklige, ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaklyga, ulgamyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmaklyga gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda biziň — ýaşlaryň çuňňur bilimli, dünýä ykdysadyýetiniň, ylmynyň gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekligimize uly üns berilýär. Ylymda, tehnikada, ykdysadyýetde, telekeçilikde, sportda we beýleki ugurlarda ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryna giň goldaw berilýär. Iň döwrebap enjamlar, interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw mekdeplerinde dünýä derejesinde bilim almagymyza, durmuş, medeni, ruhy ösüşlerimize ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeler ýaş nesil hakyndaky, şol bir wagtda hem ýurdumyzyň geljegi baradaky aladany öz içine alýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda bilimli nesli kemala getirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrebap bilim-terbiýe berilmegini gazanmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.
Täze taryhy döwürde ýaş nesliň ylym-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmegi, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Şeýle bolansoň, bu günki gün iň täze we innowasiýalara daýanýan enjamlardan, tehnologiýalardan baş çykarýan bilim işgärleri ruhy we beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde ukyp-başarnyklaryny, yhlaslaryny gaýgyranoklar. Maksadymyz körpe nesilleriň irki ösüş döwründe olarda ata Watanymyza, il-halkymyza, hormatly Prezidentimize, ýol-ýörelgelerimize söýgi döredip, hemmetaraplaýyn kämil, sowatly, edepli ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Şeýle nesilleri terbiýelemek döwrümiziň möhüm wezipesidir. Çünki ylym-bilimli, maksada okgunly, watansöýüji, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesil eziz Watanymyzyň daýanjydyr.
Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, ylymly-bilimli, saýlan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz, hoşallyklarymyz egsilmezdir.
Mekan MÄTMURADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Binagärlik gurluşyk fakultetiniñ talyby